Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atyşyklar bes edilensoň, Gazanyň hökümet edaralary gaýtadan açylýar


2 million töweregi adamyň ýaşaýan zolagynda ýerleşýän jaýlara, jemgyýetçilik binalaryna uly zyýan ýetdi.
2 million töweregi adamyň ýaşaýan zolagynda ýerleşýän jaýlara, jemgyýetçilik binalaryna uly zyýan ýetdi.

Ysraýyl bilen kenarýaka sebitine gözegçilik edýän Hamaz söweşiji toparynyň arasyndaky atyşyklaryň bes edilmegi netijesinde, Gazanyň hökümet edaralary 23-nji maýda öz işlerine başlamaly diýip, Palestinanyň ýerli metbugat wekili aýtdy.

10-njy maýda Hamaz hereketiniň agzalarynyň Iýerusalime raketa atmagy we Ysraýylyň oňa howa zarbalary bilen jogap bermegi netijesinde başlanan atyşyklardan soň, bu garyp zolakdaky hökümet işi bes edildi.

Ysraýyl öz howa zarbalarynyň Hamazyň harby infrastrukturasyna gönükdirilendigini aýtdy, ýöne 2 million töweregi adamyň ýaşaýan zolagynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryna, beýik desgalara, saglyk öýlerine we beýleki jemgyýetçilik binalaryna uly zyýan ýetdi.

Palestina söweşijileri bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk düzgünleri ilkinji ynsanperwer kömeginiň kerwenleri Gaza zolagyna gelip ýeten wagtynda bozulman saklanýardy.

21-nji maý güni irden güýje giren ýaraşyk müsürli töwellaçylaryň uzak möhletli ylalaşyk gazanmak tagallalary esasynda baglaşyldy.

XS
SM
MD
LG