Paýtagt Kabuldaky mekdebiň daşynda bolan partlamalarda ölenleriň sany 100 adama ýetdi, 160 adam bolsa ýaralandy diýip, Owganystanyň ikinji wise-prezidenti Sarwar Danişiň edarasy aýdýar.
8-nji maý güni Kabuldaky Saýed Ul-Şuhada mekdebiniň daşynda, student gyzlar okuwdan çykyp barýan wagtynda üç sany güýçli bomba partladyldy.
Hüjüm esasan şaýylardan ybarat bolan ilatyň agdyklyk edýän künjeginde, hazara azlyklarynyň ýaşaýan ýeri Daşt-e Barçide amala aşyryldy.
Soňky ýyllarda bu sebitde ýüzlerçe hazarany öldüren aýylganç hüjümler şaýylary dinden çykan hasaplaýan sünni ekstremist toparlaryndan, "Yslam döwleti" we "Talyban" toparlarynyň söweşijilerinden görülýär.
Danişiň edarasy 22-nji maýda partlamalardan ölmän galan adamlaryň köpüsiniň agyr ýaralydygyny aýtdy we ýogalanlaryň sanynyň köpelip biljekdigini duýdurdy.
Bu hüjüm ABŞ goşunlary 2001-nji ýylda "Talybany" häkimiýetden çetleşdireli bäri guralan iň ganly hüjümleriň biri boldy we onuň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok