Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran BMG-niň inspektorlarynyň ýadro desgalaryna gözegçilik etmek baradaky ylalaşygyny tamamlady


Tähran urany 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan çäklerden has ýokary derejede baýlaşdyrýar.

Eýranyň parlamentiniň spikeri BMG-niň ýadro gözegçilik edarasy bilen Tähranyň arasyndaky üç aýlyk gözegçilik şertnamasynyň möhletiniň tamamlanandygyny aýtdy. Bu Eýran bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasyndaky ýadro ylalaşygyny saklap galmak boýunça edilýän diplomatiki tagallalaryň arasynda dartgynlylyklary ýitileşdirdi.

“22-nji maýdan başlap, üç aýlyk şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen, agentlik ýadro desgalaryndaky kameralaryň toplan maglumatlaryna tomaşa edip bilmezler” diýip, ýurduň resmi mediasy Mohammad Baker Kalibafyň 23-nji maýdaky sözlerini getirdi.

Bu Birleşen Ştatlaryň we beýleki döwletleriň Eýran bilen ylalaşmak mümkinçiliklerini hasam çäklendirdi.

Tähran eýýäm häzirden urany 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan çäklerden has ýokary derejede baýlaşdyrýar.

Atom Energiýasy boýunça Halkara Atom Agentligi (IAEA) gözegçilik ylalaşygy babatynda Tähran bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG