Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 ABŞ-da selçeňleýär, Aziýada gürelýär


 Aziýa yklymynda wirusyň täzeden gürelip başlandygy barada aladalar artýar. (illýustrasiýa suraty)
Aziýa yklymynda wirusyň täzeden gürelip başlandygy barada aladalar artýar. (illýustrasiýa suraty)

Birleşen Ştatlarda bir ýyla golaý wagtyň içinde COVID-19-a täze ýoluganlaryň iň pes görkezijisi hasaba alyndy, bu aralykda ýurtda uly ýaşly adamlaryň 60% töweregine waksina sanjymy edildi.

24-nji maýda Reuters habar gullugynyň çap eden analizinde bellenilşi ýaly, ABŞ-da soňky ýedi günüň dowamynda koronawirusa täze ýoluganlaryň sany 180 müňden pes bolupdyr, şeýle-de 23-nji maýda tamamlanan hepdäniň dowamynda wirus sebäpli ölenleriň sany 3 müň 969-a çenli pese düşüpdir.

Emma wirusyň Aziýa yklymynda täzeden gürelip başlandygy barada aladalar artýar.

Hindistan entegem koronawirus ýagdaýlarynyň artmagy bilen göreşýär.

Ilki bada wirusyň ýaýramak gerimini saklamagy başaran Taýwan we Wýetnam hem ölüm howply ýokanjyň birden artyp başlamagynyň öňüni almak ugrunda tagalla edýärler.

Singapurda we Malaýziýada hem wirusyň täze ýagdaýlarynyň artmagy bilen, täze çäklendiriji düzgünler girizildi.

25-nji maýda Awstraliýanyň ikinji iri şäheri Melbournda COVID-19-yň täze ojagynyň ýüze çykarylmagyndan soňra, çäklendirmeler gaýtadan ornaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG