Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” boldy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty” diýen ada eýe boldy. Bu barada 24-nji maýdaky Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa Mejlisiň 22-nji maýda geçirilen maslahatynda karar edilendigini mälim etdi.

Mämmedowanyň sözlerine görä, bu at ýurduň at gazanan arhitektory Berdimuhamedowa “raýatlaryň isleg-arzuwy” göz öňünde tutulup, onuň paýtagty syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde bitirendigi aýdylýan hyzmatlary üçin dakylypdyr.

Berdimuhamedow muny, şol sanda Türkmenistanyň “belent sepgitlere ýetmäge goşandy üçin berlen baha” hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyl bäri ýiti ykdysady çökgünlik, azyk krizisi dowam edýär, gurpdan düşen ilatyň aglaba bölegi subsidirlenen iýmit önümlerine barha garaşly bolýar.

Bu aralykda, ýurtda, esasan hem paýtagtda ykdysady taýdan özüni ödemeýändigi aýdylýan millionlarça dollarlyk gurluşyklara hasapsyz serişde harçlanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG