Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara kazyýeti Aşgabatda COVID-19 bilen aradan çykan türk diplomatynyň aýalynyň şikaýatyny kabul etdi


Aşgabatda koronawirusdan aradan çykan türk diplomaty Kemal Uçkun
Aşgabatda koronawirusdan aradan çykan türk diplomaty Kemal Uçkun

Ankara kazyýeti geçen iýulda koronawirus bilen aradan çykan Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň din meseleleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkunyň aýaly Guzide Uçkunyň kompensasiýa şikaýatyny kabul etdi.

“Sözcü” türk neşiriniň habaryna görä, Guzide Uçkun adamsy Kemal Uçkunyň ölümi bilen bagly Türkiýäniň Saglyk ministrligini, Daşary işler ministrligini we Din işleri müdirligini geleňsizlikde aýyplaýar we munuň öwezine 1 million liralyk kompensasiýa talap edýär.

57 ýaşly Kemal Uçkun 2020-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda koronawirus bilen aradan çykdy. Türkmen lukmanlary türk diplomatynyň ölümine “pnewmoniýa sebäpli ýürek ýetmezçiligi” diagnozyny goýdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusy ýaşyrmakda tankyt edilýär.

Diplomatyň aýaly adamsynyň ölümi bilen bagly türk häkimiýetlerini geleňsizlikde aýyplaýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Uçkunyň ölüminiň öň ýany özüniň Türkmenistandan ewakuasiýa edilmegini sorap, türk häkimiýetlerine ýüz tutandygyny, ýöne türkmen häkimiýetleriniň türk tiz kömek uçaryny wagtynda ýurda goýbermändigini habar berdi.

Türk metbugaty geçen dekabrda Kemal Uçkunyň aýaly Guzide Uçkunyň Türkiýäniň Saglyk ministrliginiň gyssagly lukmançylyk gullugynyň baş müdiri Semih Korkut, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, Din işleri boýunça wise-prezident Selim Argun we Din işleri bölüminiň daşary gatnaşyklar boýunça baş müdiri Erdal Atalaý dagydan nägile bolandygyny habar berdi.

Guzide Uçkun bu emeldarlary wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanmakda we geleňsizlik netijesinde adam ölümine sebäp bolmakda aýyplady.

Türk metbugatyna görä, Kemal Uçkun 2020-nji ýylyň 27-nji iýunynda ýokary beden gyzgynlygy, üsgülewük we demgysma sebäpli Aşgabatda bir keselhananyň tiz kömek bölümine ýüz tutdy. Uçkuna “pnewmoniýa” diagnozy goýuldy we Aşgabadyň Kardiologiýa merkezinde bejergi berildi.

Bu aralykda, diplomatyň aýaly adamsynyň analizlerini aýrybaşga üç türk keselhanasyna görkezdi. Türk lukmanlary Kemal Uçkuna “COVID-19” diagnozyny goýdular we Aşgabatda oňa nädogry bejergi berilýändigini aýtdylar hem-de diplomatyň gyssagly Türkiýä getirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar.

4-nji iýulda diplomat özüniň Türkmenistandan ewakuasiýa edilmegini sorap, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutupdyr. Ýöne türk metbugatyna görä, şol wagt türkmen häkimiýetleri Uçkuny getirmek üçin goýberilen türk uçarynyň Aşgabada gonmagyna rugsat bermändir. Uçar soň Bakuwa baryp, başga bir türk näsagyny alyp, Türkiýä dolanypdyr.

Aşgabatda aradan çykan Kemal Uçkun 7-nji iýulda Türkiýäniň Denizli sebitinde jaýlandy.

Türkmenistan öz çäginde resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysalary barada habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG