Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan azerbaýjan güýçleri bilen atyşykda bir esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Ermeni esgerleri Azerbaijan serhedinde. 17-nji maý, 2021 ý.

Geçen ýyl dawaly Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde turan söweşden soňky dartgynlylygyň arasynda, “25-nji maýda azerbaýjan güýçleri bilen serhetde bolan atyşykdy bir ermeni esgeri öldürildi” diýip, Ermenistanyň Goranmak ministrligi aýdýar.

Ministrlik Ermenistanyň Gegarkunik etrabynyň Werin Şorja serhet postunda bolan çaknyşykdan soň, häzirki wagtda ýagdaýyň “asuda” bolandygyny aýtdy.

Bu sebit söweşde Azerbaýjan tarapyndan yzyna alnan sebit bilen serhetleşýär.

“Günorta Ermenistanyň serhet ýakalarynda Azerbaýjan goşunlarynyň ot açmagyndan soň ýüze çykan atyşykda bir harby gullukçy öldürildi” diýip, ministrligiň beýanaty aýdýar.

Daglyk-Garabag halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýar. Sebit üstünde uzak wagt bäri dowam edýän çaknyşyk geçen sentýabryň aýagynda doly masştably urşa öwrüldi. Alty hepde dowam eden uruşda 6 müň adam öldürildi. Uruş Moskwanyň araçylygynda gazanylan ýaraşyk ylalaşygy bilen soňlandy. Ýaraşyga laýyklykda Daglyk-Garabagyň bir bölegi we onuň töweregindäki ýedi etrap, tas 30 ýyllyk etniki ermeni güýçleriniň dolandyryşyndan soň, Azerbaýjan administrasiýasyna gaýtarylyp berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG