Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan gandöküşikli serhet çaknyşyklaryndan soň täjik ýolagçylaryna ýurda girmegi ‘wagtlaýyn’ gadagan edýär


Russiýanyň dürli şäherlerinden Gyrgyzystana baran ýa-da tranzit geçýän 100 töweregi täjik raýaty häzirki wagtda Bişkek howa menziliniň tranzit zolagynda galýar. 
Russiýanyň dürli şäherlerinden Gyrgyzystana baran ýa-da tranzit geçýän 100 töweregi täjik raýaty häzirki wagtda Bişkek howa menziliniň tranzit zolagynda galýar. 

Gyrgyz häkimiýetleri Täjigistandan uçar gatnawy bilen Gyrgyzystanyň baş howa menziline baran onlarça täjik raýatynyň ýurda girmegine rugsat bermedi. Bu waka geçen aý dawaly serhetde soňky otuz ýylyň içinde bolan iň erbet söweşlerden soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýaramazlaşdyryp biler.

Täjigistanyň “Somon Air” howa ýollarynyň uçary bortunda Bişkegiň Manas aeroportunda Gyrgyz serhet gullugy tarapyndan Gyrgyzystana girmegine rugsat berilmedik 177 täjik raýaty bilen 26-njy maýda irden yzyna, täjik paýtagty Duşenbä dolandy. Bu gadaganlyga Täjigistan raýatlary üçin gyrgyz serhediniň wagtlaýyn ýapylmagy sebäp bolupdyr.

177 täjik raýaty yzyna ugradylmazdan öň gyrgyz howa menzilinde alaçsyz galdy, ýöne uçar 25-nji maýda Manasa gonandan soň, başga ýurduň dokuz raýatyna Bişkekde galmaga rugsat berildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy Duşenbe-Bişkek gatnawynyň kabul edilmejekdigi barada Gyrgyzystanyň özlerine öňünden habar bermändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Russiýanyň dürli şäherlerinden Gyrgyzystana baran, tranzit geçýän 100 töweregi täjik raýaty häzirki wagtda Bişkek howa menziliniň tranzit zolagynda galýar.

Apreliň aýagynda Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda bolan serhet çaknyşyklarynda iki ýurduň serhet goşunlary birek-birege ot açdy. Munuň netijesinde onlarça adam öldi, onlarça öý ýykyldy.

XS
SM
MD
LG