Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň uçar düzgünleşdirijisi Belarusyň howa giňişliginden gaça durmaga çagyrdy


"Belavia" uçary. Bezeg suraty
"Belavia" uçary. Bezeg suraty

Ýewropanyň awiasiýa düzgünleşdirijisi 26-njy maýda dünýäniň uçar kompaniýalaryny howpsuzlyk üçin, “Ryanair” ýolagçylary bilen bagly hadysadan soň, Belarusyň howa giňişliginden gaça durmaga çagyrdy.

"Bu wakalar bilen bagly ýagdaý belarus häkimiýetleriniň halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryny berjaý etjekdigine çynlakaý şübhe döredýär” diýip, Ýewropanyň uçar howpsuzlygy gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Agentlik Ýewropada ýerleşýän we ÝB ýurtlaryna uçýan beýleki uçar kompaniýalaryna, adatdan daşary ýagdaý bolmasa, Belarusyň üstünden geçýän howa ýollaryny ulanmazlygy maslahat berýär.

"Minsk tarapynyň eden hereketleri “Ryanair” uçuşy üçin ýokary töwekgelçilik ýagdaýyny döretdi we Belarusyň howpsuz awiasiýa hyzmatlaryny edip bilmek ukybyny sorag astyna saldy” diýip, ýewropa düzgünleşdirijisi nygtaýar.

Ýewropa awiakompaniýalary 25-nji maýdan bäri, Belarusyň çägine girmezlik üçin, öz ugurlaryny üýtgedip başlady diýip, “Roýters” belleýär.

Bu 23-nji maýda Gresiýadan Litwa uçan “Ryanair” uçarynyň Minsk şäherinde mejbury gondurylmagyna we onuň ýolagçylarynyň biri - Belarusyň oppozisiýa blogçysy Roman Protasewiçiň we onuň halaşýan gyzy Sofiýa Sapeganyň tussag edilmegine bildirilen halkara reaksiýasynyň bir bölegi boldy.

Prezident saýlawlaryndan soňky bidüzgünçilikleri guramakda aýyplanýan Protasewiçe öz ýurdunda azyndan uzak möhletli türme tussaglygy garaşýar.

XS
SM
MD
LG