Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý uýgurlarda uzakdan meýil kesgitlemek enjamlaryny synagdan geçirýär


Hytaý häkimiýetleri tussag edilen uýgur asylly ýaşaýjylarda uzakdan adamyň duýgularyny, meýlini kesgitleýän tehnologiýalary synag edýär.

BBC bu habary gürrüňi edilýän tehnologiýany işläp düzen, ýöne ady aýdylmadyk çeşmä salgylanyp çap etdi.

Pekin dünýäniň köp ýurdy tarapyndan öz uýgur ilatyna garşy genosid, matlaply gyrgynçylyk çärelerini görmekde aýyplanýar. Hytaýda uýgurlaryň ýaşaýan sebitinde ýaşaýjylary uçdantutma sanly gözegçilik astynda saklaýan ulgam guruldy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny isleýän tehnologiýa döredijisi BBC bilen wideo gözegçiligini ulanyp, adamlaryň keýpini kesgitlemek üçin geçirilen synaglaryň subutnamalaryny paýlaşdy.

Anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, adamlaryň hal-ahwallaryny maşynlar arkaly öwrenmek tehnologiýalary tussaglarda, olaryň nähili ýagdaýdadygyna düşünmek üçin ulanylýar.

Şeýle-de, döredijiniň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa ýalançylygyň ýüze çykarylmagy üçin täze, has kämilleşdirilen gural hökmünde hem ulanylyp biler.

Wideo kameralary arkaly adamyň keýpini kesgitlemek tehnologiýasy 2010-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri bazara çykarylýar.

Bu tehnologiýany döredijileriň tassyklamagyna görä, psihologlar adamyň çala bildirýän alamatlaryny synlap, ýaşyryn duýgularyna hem düşünip bilýär we bu ýagdaý ýokary takyklykdaky kameralardan şekil alýan kompýuter algoritmleriniň hem şýle edip biljekdigini aňladýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG