Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaliforniýada edilen ýaragly hüjümde sekiz adam öldi


Jenaýatyň bolan ýeri


Çarşenbe güni Kaliforniýanyň San-Hose şäherinde demir ýol menziliniň işgärlerine ýaragly hüjüm edilende sekiz adam, şol sanda hüjümçi heläk boldy, köp adam ýaralandy. Ilkinji oklar ir sagat 6:45-de atyldy.

CBS teleýaýlymynyň ýerli bölümi irki ýygnaga toplanan demirýol işçileriniň oka tutulandygyny habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, atyşykdan biraz öň ýerli transport edarasynyň işgärine degişli bir öýde ýangyn döredi.

“Los Anjeles Taýms” hüjümde güman edilýän adamyň atyşyk başlamazdan ozal öz öýüne ot berendigini habar berdi. Polisiýa bu wersiýany derňeýär, ýöne entek ony tassyklamady. Hüjümçiniň ýaşy barada maglumat ýok.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG