Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO bileleşigi Belarusyň hereketlerini ýazgaryp, Protasewiçiň boşadylmagyna çagyrdy


Brýussel. NATO döwletleriniň baýdaklary

Demirgazyk Atlantik geňeşi - NATO-nyň esasy syýasy karar berýän guramasy 23-nji maýda Afinydan Wilniýusa uçan “Ryanair” uçarynyň Minsk şäherine mejbury gondurylmagyny berk ýazgardy. NATO Roman Protasewiçiň tussag edilmegini "syýasy başgaça pikirlenmek we metbugat azatlygy prinsiplerine hyýanatçylyk edilmegi" diýlip atlandyryldy.

NATO agza ýurtlar Belarusy Roman Protasewiçi we onuň halaşýan gyzy Sofýa Sapegany derrew we hiç bir şert goýmazdan boşatmaga çagyrdy.

NATO-nyň metbugat gullugynyň 26-njy maýda çap eden beýanatynda "Bu bikanun hereket raýat awiasiýasynyň düzgünlerini düýpli bozup, ýolagçylaryň we ekipažyň janyna howp saldy" diýilýär.

Demirgazyk atlantik bileleşigi bu waka boýunça gyssagly we garaşsyz derňewiň geçirilmegini goldaýar we ýaranlaryň bu hadysa jogap hökmünde aýratyn we köpçülikleýin ýagdaýda gören çärelerini gutlaýar.

Şeýle-de, NATO-nyň beýanatynda latwiýaly diplomatlaryň Belarusdan “esassyz” kowulmagy bilen baglylykda, Latwiýa raýdaşlyk bildirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG