Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistan bilen ýer-suw ylalaşygyna gol çekdi


Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Reşit Meredow we Abdulaziz Kamilow
Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Reşit Meredow we Abdulaziz Kamilow

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Reşit Meredow we Abdulaziz Kamilow 26-njy maýda Aşgabatda duşuşyp, iki ýurduň arasynda ýerden muzdly peýdalanmak barada baglaşylan goşmaça ylalaşyga gol çekdi diýip, Türkmen DIM-niň websaýty habar berýär.

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakyndaky ylalaşyga hem gol çeken taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada hem maslahat etdi diýip, habarda bellenýär.

Abdulaziz Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti Aşgabada iş sapary bilen geldi we özbek ministri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi.

XS
SM
MD
LG