Belarus ýolagçy uçaryny ýolundan sowup, Minsk şäherine gonduranyndan we onuň bortundaky žurnalist bilen onuň halaşýan gyzyny tussag edeninden soň dörän halkara gahar-gazabynyň arasynda Ýewropanyň welosiped ýaryşyna beýemçilik etmekden mahrum edildi.
Ýewropanyň welospedçilik bileleşigi 27-nji maýda beýanat çap edip, guramanyň dolandyryş geňeşiniň "häzirki halkara ýagdaýyny" göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 27-nji iýunyna çenli Minskde (Belarusda) geçirilmeli edilen “2021 Elite Track Ýewropa çempionatyny ýatyrmak kararyna gelendigini" aýtdy.
Ýewropa welosiped birleşiginiň prezidenti Enriko Della Kasa guramanyň "häzir halkara çekeleşigine öwrülen" ýagdaýa gözegçilik edýändigini aýtdy.
Minskdäki çäräni ýatyrmak karary 27-nji maýda dolandyryş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ÝB resmileri we birnäçe günbatar hökümeti bu hadysany täjirçilik uçuşynyň döwlet howandarlygynda ogurlanmagy hökmünde ýazgardy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.