Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa kolonial döwürdäki Namibiýa genosidini resmi taýdan ykrar etdi


Berlindäki çärede herora we nama halklarynyň wekilleriniň kelleçanaklary görkezildi.

Germaniýa kolonial döwürde, Namibiýany basyp alanda ýerli herero we nama etnik toparlaryna garşy genosid edendigini, ýagny olary matlaply gyrandygyny resmi taýdan ykrar edýär.

Daşary işler ministri Heiko Maas 28-nji maýda Germaniýanyň günorta-günbatar Afrika ýurdundan we on müňlerçe pidanyň nesillerinden “ötünç” sorajakdygyny, 1,34 milliard dollardan gowrak möçberdäki ösüş programmasy arkaly bu ýurda goldaw berjekdigini aýtdy.

Iki ýurduň delegasiýalarynyň ençeme ýyllap alyp baran gepleşiklerinden soň, taraplar ahyrynda syýasy jarnama baradaky ylalaşyga geldi, ýöne oňa indi gol çekilmeli. Soňra bu jarnama her ýurtda özbaşda tassyk ediler.

Namibiýa 1884-1915-nji ýyllar aralygynda nemes basybalyjylygy astynda ýaşady.

Bu gyrgynçylyk 1904-nji ýylda, Germaniýa Günorta-Günbatar Afrika ady bilen tanalýan ýerdäki ýerlerini we mallaryny basyp alan nemeslere garşy çykýan herero we nama gozgalaňlaryny basyp ýatyranda başlandy.

Herero we nama halklary çöle gaçmaga mejbur edildi, haçanda olardan birleri yzyna, ata-baba topragyna dolanmaga synanyşsa ýa öldürildi, ýa-da konslagerlere ýerleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG