Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri Uly-7 toparynyň COVID waksina pasporty barada ylalaşmagyny isleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson baý ýurtlaryň Uly-7 toparynyň sammitinde COVID-19 sanjym pasportlary we global pandemiýa taýynlyk şertnamasy barada ylalaşyk gazanmagyny isleýändigini aýtdy.

"Waksina pasporty, COVID statusyny tassyklamak we şunuň ýaly beýleki meseleler boýunça ylalaşyk bolmaly "- diýip, Jonson 30-njy maýda Kanadanyň jemgyýetçilik telekanaly CBC tarapyndan görkezilen söhbetdeşlikde aýtdy we Uly-7 toparynyň syýahatçylyk we pasportlaryň ulanylyşy barada gepleşmelidigini belledi.

Britaniýa dünýäde pandemiýa zerarly iň agyr zyýan çeken ýurtlaryň biri boldy, ýöne waksinasiýa boýunça giň kampaniýa ýokançlygyň azalmagyna sebäp boldy we ykdysadyýetiň köp böleginiň açylmagyna ýol açdy.

Jonson bu pandemiýanyň, her bir ýurduň şahsy gorag enjamlaryny we sanjymlary satyn almaga çalyşýan mahaly global hyzmatdaşlygyň nähili bozulandygyny görkezendigini, şol bir wagtyň özünde milli derejede karantinleriň ýüze çykmagynyň global üpjünçilik gatnaşyklarynyň kesilmegine getirendigini belledi.

"Meniň pikirimçe, pandemiýa taýynlyk boýunça global şertnama zerur" diýip, Britaniýanyň premýer-ministri aýtdy we ösen ýurtlaryň waksinalary pes girdejili ýurtlar bilen paýlaşmagynyň möhümdigini belledi.

XS
SM
MD
LG