Gürjüstanyň esasy oppozisiýa lideri Nika Melia "Bütewi milli hereketiniň" ýedi aýa golaý boýkotdan soň parlamente girjekdigini 30-njy maýda aýtdy.
"Oligarh Bidzina Iwanişwili tarapyndan ele salnan Gürjüstan döwletini azat etmek üçin parlamente gireris" -diýip, Melia Tbiliside "Gürjüstanyň arzuwy" atly dolandyryjy partiýanyň esaslandyryjysy millioner syýasatçy barada žurnalistlere aýtdy.
Oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawynda "Gürjüstanyň arzuwy" partiýasynyň ýeňiş gazanandan soň, Gürjüstan syýasy durnuksyzlyga uçrady, oppozisiýa ses berişligiň adalatsyz we galp bolandygyny aýtdy.
Soňra oppozisiýa partiýalarynyň bir topary parlamenti boýkot etdi we täze saýlawlary talap edip demonstrasiýa gurady.
Melia maý aýynyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň kömegi bilen üç aýlyk deslapky tussaglykdan girew astynda boşadyldy. Ol 2019-njy ýylda hökümete garşy protestlerde "köpçülikleýin zorluk" gurnamakda aýyplanyp tussag astyna düşüpdi.
19-njy aprelde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişeliň oppozisiýa toparlary bilen “Gürji arzuwy” partiýasynyň arasynda barlyşyk şertnamasyny ara alyp maslahatlaşmagy birnäçe partiýanyň parlamente girmegine ýol açdy. Melýanyň türmeden boşadylmagy şol şertnamanyň bir bölegidi.
Emma sürgünlikdäki öňki prezident Mihail Saakaşwili tarapyndan döredilen UNM beýleki oppozision partiýalar bilen bir hatarda parlamente goşulmady we 150 orunlyk kanun çykaryjy organda 36 orny boş goýdy.
Meliýa öz partiýasynyň parlamente gaýdyp geljekdigini yglan etse-de ÝB-niň araçylygynda gelnen syýasy ylalaşygyň şertlerini berjaý etmekden ýüz öwürdi.