Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusyň häkimiýetleri garaşsyz habar portalynyň baş redaktoryny tussag etdi


Alýakseý Şota

Belarus häkimiýetleri günbatar Hrodna şäherinde "Hrodna.life" atly garaşsyz habar portalynyň baş redaktory Alýakseý Şotany gysga wagtlyk tussag astyna aldy.

Hrodnanyň polisiýasy 30-njy maýda beren beýanatynda habar portalynyň “ekstremist hökmünde ykrar edilen” materiallary ýerleşdirendigini aýtdy.

Şota sorag edilenden soň boşadyldy.

Mart aýynda Hrodnanyň sudy Şotany ekstremist materiallary ýaýratmakda günäkärledi we jerime saldy.

Şota ozal ýurduň iň uly garaşsyz onlaýn habar beriş serişdesi bolan Tut.by-da işleýärdi.

Maý aýynyň başynda polisiýa Tut.by portalyna garşy derňewe başlady we birnäçe redaktoryň öýüni dökdi.

Belarusyň žurnalistler birleşigi geçen hepde 27 metbugat işgärine garşy iş gozgalandygyny ýa-da höküm çykaryljakdygyny aýtdy.

Geçen awgustda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka jedelli prezident saýlawynda ýeňiji yglan edileninden bäri Belarusda görlüp-eşidilmedik syýasy tolgunyşyk dowam edýär.

Belaruslylar nägilelik bildirmek üçin ýurduň köçelerine çykdylar. Howpsuzlyk güýçleri müňlerçe adamy, şol sanda mitingleri beýan eden onlarça žurnalisti tussag etdi.

Häkimiýetleriň basyşy oppozisiýa wekilleriniň köpüsini ýurtdan çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG