Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabatda hüjümçiler iki polisiýa işgärini atyp öldürdi


Polisiýa ganhorlaryň şahsyýeti barada maglumat gözleýär.
Polisiýa ganhorlaryň şahsyýeti barada maglumat gözleýär.

Näbelli hüjümçiler Yslamabatda bir ýaşaýyş etrabynda patrullyk edýän iki polisiýa işgärini atyp öldürdi diýip, Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed aýdýar.

Pakistanyň paýtagtynyň Şamas koloni etrabynda bolan hüjümden birnäçe sagat soň, Pakistanyň “Tehrik-e-Talyban” guramasynyň metbugat sekretary Muhammet Horasani onuň jogapkärçiligi öz üstüne aldy.

Päkistan talybanlary owgan talybanlaryndan aýry gurama, emma olaryň Owganystanda hem bazasy bar.

Polisiýa serkerdesi Mustafa Tanweer polisiýa toparlarynyň jenaýat ýerini gözden geçirýändigini we ganhorlaryň şahsyýeti barada maglumat gözleýändigini aýtdy.

Ahmed bu hüjümi ýazgardy we derňew geçirmegi buýurdy. Ol öz wideo beýanatynda paýtagty "howpsuz zona" öwürmek üçin tagalla edilýändigini hem nygtady.

XS
SM
MD
LG