Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa Lukaşenka režimini ýeňmek üçin has berk ykdysady sanksiýalaryň girizilmegine çagyrýar


Swetlana Tihanowskaýa
Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Günbatary Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetine garşy has berk sanksiýalary girizmäge çagyrdy we awtoritar dolandyryjynyň režimine zyýan ýetirmek üçin sanksiýalaryň ýeke-täk usuldygyny aýtdy.

“Biziň ählimiz režim polisiýa we harbylar üçin töleg edip bilmez ýaly ony ykdysady taýdan böwetläp biljekdigimize düşünýäris” diýip, Tihanowskaýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda ýöredýän rus dilli “Häzirki zaman” kanalyna beren eksklýuziw interwýusynda aýtdy.

Tihanowskaýa özüniň hem-de maşgalasynyň howpsuzlygyndan gorkup, 9-njy awgust prezident saýlawlaryndan bir gün soň Belarusy terk etdi we Litwa bardy. Goldawçylary prezident saýlawlarynda Tihanowskaýanyň ýeňiji bolandygyny aýdýarlar.

Giň ýaýran saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalaryň arasynda ýeňiş 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 66 ýaşly Lukaşenka berilenden soňra protestler döredi.

XS
SM
MD
LG