Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümde azyndan on mina arassalaýjy owganystanly öldürildi


Illýustrasiýa. Owgan howpsuzlyk güýçleri barlag nokadynda adamlary barlaýar
Illýustrasiýa. Owgan howpsuzlyk güýçleri barlag nokadynda adamlary barlaýar

Owgan resmileri demirgazyk Owganystanyň Baglan welaýatynda mina arassalaýjy gullukda işleýän azyndan on owganystanlynyň "Talyban" gozgalaňçylary tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdýar.

Gozgalaňçylaryň 8-nji iýunda gijöýlän Baglan Markazi etrabyndaky mina arassalaýjylar lagerine eden hüjüminde başga-da azyndan 14 adam ýaralandy diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid bu hüjüme toparyň gatyşygyny ret etdi.

Welaýat polisiýasynyň metbugat sekretary Jawed Başarat işçileriň “Halo Trust” atly halkara mina arassalaýjy guramadandyklaryny aýtdy.

Soňky aýlarda Baglan welaýatynda gazaply söweşler barýar, ençeme etraplarda her gün diýen ýaly “Talyban” bilen hökümet güýçleriniň arasynda söweş bolýar.

Halkara goşunlar geçen aý Owganystandan çekilip başlandan soňra ýurt boýunça zorluk ep-esli ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG