Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Brusselde NATO sammitine gatnaşýar


NATO-nyň edarasy, Brussel
NATO-nyň edarasy, Brussel

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 14-nji iýunda NATO-nyň sammitine gatnaşmak üçin Brussele bardy. Baýden özünden öňki prezident Donald Trampyň goly astyndaky dört ýylyň dowamynda dörän durnuksyzlykdan soň gatnaşyklary dikeltmek we Waşingtonyň transatlantik hyzmatdaşlaryny köşeşdirmek maksatly Ýewropa saparyny dowam etdirýär.

Baýden, bileleşigiň 30 agzasynyň hemmesiniň ýolbaşçylary bilen sammite gatnaşar we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen şahsy duşuşyk geçirer. Bu duşuşyk NATO-nyň iki agzasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşýan döwrüne gabat gelýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 2018-nji ýyldan bäri ýüzbe-ýüz duşuşmadyk agzalaryň Owganystandan goşun çykarylmagy, Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklar we goranyş üçin çykdajylar ýaly köp möhüm meselelere seretmegine garaşylýar.

Sammitiň öňüsyrasynda NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bu duşuşygyň "Demirgazyk Atlantik bileleşigimiz we köpçülikleýin howpsuzlygymyz üçin möhüm pursatda" geçirilýär we gatnaşyklary täzelemek üçin "ajaýyp pursat" döredýär" diýip aýtdy.

Tramp Baýdeniň ýanwar aýynda prezident kasamyny ediş dabarasyndan soň tamamlanan dört ýyllyk prezident möhletinde NATO-ny köplenç kemsidýärdi we hatda howpsuzlyk bileleşiginden çekiljekdigi bilen haýbat atýardy.

Emma Baýden "Uly-7" sammitinde eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “yzyna gaýdyp gelendigini” we ýaranlary bilen täzeden birleşýändigini yglan etdi.

Belgiýanyň paýtagtyndaky gepleşiklerde ylalaşyga garaşylýar.

Sammitdäki esasy maksatlaryň biri, Tramp howpsuzlyk bileleşiginiň ähmiýetini sorag astyna alandan soň herekete girizilen NATO 2030 diýlip atlandyrylýan täze strategiki düşünjede öňegidişlik gazanmak bolar. Täze çarçuwanyň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG