Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan birnäçe sosial ulgamyň işini çäklendirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň aragatnaşyk gözegçilik edarasy, şahsy maglumatlar baradaky kanuny bozandygyny aýdyp, ýurtdaky birnäçe sosial media websaýtynyň işini çäklendirdi.

O’zkomnazorat bu barada 2-nji iýulda mälim etdi, emma anyk haýsy sosial ulgamlaryň çäklendirilendigini aýan etmedi.

Emma Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň internet ulanyjylary Twitter, TikTok, VKontakte we Skype ýaly sosial ulgamlaryň işinde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny aýdýarlar.

Çäklendirmeleriň çäginde gürrüňi gidýän sosial media saýtlarynyň hususanda tizliginiň peseldilýändigi bellenilýär.

O’zkomnazorat sosial media saýtlarynyň şahsy maglumatlar boýunça aprelde kabul edilen täze kanuny bozandyklaryny aýtdy. Kanuna laýyklykda, internet kompaniýalary özbek ulanyjylarynyň şahsy maglumatlaryny ýurduň öz içindäki serwerlerde saklamaga borçlandyrylýar.

Özbegistandaky maglumat çäklendirmeleri oktýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňýanyna gabat geldi. Saýlawlaryň golaýlamagy bilen, özbek resmileri Internedi ulanmak düzgünlerini berkleşdirdiler, şeýle-de žurnalistlere we bloggerlere garşy basyşlaryny güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG