Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň günorta-gündogarynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

12-nji iýuldan 13-nji iýula geçilen gije Moskwanyň günorta-gündogarynda, “Kuzminki” metro stansiýasynyň golaýynda migrantlaryň arasynda köpçülikleýin uruş-dawa boldy.

Bu barada kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp, TASS, “Interfaks” habar berýär. Şeýle-de, bu maglumaty Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Moskwa bölüminiň metbugat gullugy RBK habar agentligine tassyklady.

Dürli maglumatlara görä, uruş-dawalara 50 adamdan 200 adama çenli adam gatnaşdy. “Interfaks” “özara şahsy duşmançylyk”sebäpli turan dawa-jenjeliň, ähtimal, Özbegistandan we Gyrgyzystandan bolan zähmet migrantlarynyň arasynda bolandygyny habar berýär. “Moskowskiý komsomoles” çaknyşyklara Gyrgyzystandan we Täjigistandan 180 töweregi migrantyň gatnaşandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 11-nji iýulda Himkide täjikler bilen bolan çaknyşykda iki gyrgyzystanly pyçak bilen ýaralanýar, olaryň watandaşlary ar almak isleýär we şeýdip hem köpçülikleýin uruş-dawa turýar. Soňra “Moskowskiý komsomoles” 102 adamyň saklanandygyny habar berdi. Saklananlaryň arasynda Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň raýatlary, iki türkmenistanly, iki azerbaýjanly we Dagystanyň üç ýaşaýjysy bar.

TASS-yň çeşmesi kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň çaknyşyklara gatnaşan 15 adamy saklandygyny habar berdi. “Interfaksyň” çeşmesi 20 adamyň saklanandygyny aýtdy.

Şeýle-de, habar gulluklarynyň maglumatlaryna görä, çaknyşyklaryň netijesinde birnäçe adam pyçak bilen ýaralanypdyr, olar hassahana ýerleşdirilipdir. “Interfaks” ejir çekenleriň esasan tyg we gök ýarasyny alandygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG