Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Awstriýa 'Hawana sindromyna' meňzeýän syrly keseli derňeýär


Jo Baýdeniň administrasiýasy ABŞ diplomatlarynyň we beýleki hökümet işgärleriniň Awstriýanyň paýtagty Wenada ýüzbe-ýüz bolan saglyk hadysalaryny derňeýär. ABŞ häkimiýetleri bu barada 5-nji gün habar berdi.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, syrly näsaglygyň käbir alamatlary 2016-njy we 2017-nji ýyllar aralygynda ABŞ diplomatlarynyň we aňtaw gullugynyň işgärleriniň Hawanada uçran keselçiligine meňzeýär.

Döwlet departamentiniň we beýleki guramalaryň, şol sanda Pentagonyň we Merkezi aňtaw gullugynyň lukmançylyk işgärleri tarapyndan derňelýän alamatlaryň esasy sebäbi entek kesgitlenmedi diýip, "Amerikanyň sesi” neşiri habar berýär.

"Hökümetdäki hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, ABŞ-nyň Wenadaky ilçihanasynyň işgärleriniň arasyndaky düşündirilmedik saglyk hadysalary barada gelen habarlary işjeň derňeýäris" diýip, Döwlet departamentiniň resmileri aýtdy. “Kesel alamatlary hakynda habar beren işgärleriň ählisi derrew we degişli lukmançylyk kömegini aldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Käbir pikirlere görä, düşündirilmedik hassalyk, şol sanda beýnä zeper ýetmegi, mikrotolkun ýa-da radio tolkun ýaraglaryny ulanmak arkaly edilýän hüjümleriň netijesi diýip hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, köp ýyllap geçirilen barlaglara garamazdan, bu hadysanyň aňyrsynda nämäniň ýa-da kimiň bolup biljekdigi we olaryň hakykatdanam hüjümdigi barada hünärmenleriň arasynda heniz belli bir ylalaşyk ýok.

"New Yorker" žurnaly 17-nji iýulda prezident Jo Baýden ýanwar aýynda ABŞ-nyň prezidentligine kasam kabul edeli bäri Wenada takmynan 20 gowrak amerikan aňtaw wekiliniň, diplomatlarynyň we beýleki işgärleriniň gürrüňi edilýän syrly keseliň alamatlary barada habar berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG