Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda 1400-e golaý täze COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy


Bezeg suraty

Geçen gije-gündizde Gyrgyzystanda hassahanalardan daşardaky pnewmoniýany göz öňünde tutulanda, 13373 sany täze COVID-19 ýokuşmasy ýüze çykaryldy. Bu barada 18-nji iýulda ýurduň koronawirus ýokuşmalaryna garşy göreşýän gullugy habar berdi.

Iň agyr ýagdaý paýtagtda, Bişkekde jemi 832 sany täze hadysa ýüze çykaryldy. Ikinji orunda Çui we Batken bolup, bu sebitlerde degişlilikde 163 we 199 näsag ýüze çykaryldy. Oşda 45 hadysa ýüze çykaryldy, Oş we Jelalabad sebitleriniň hersinde 57, Yssykköl sebitinde - 52, Narynda - 23 we Talasda – 25 adamyň ýokanç kesele uçrandygy anyklandy.

Umuman alanyňda, Gyrgyzystanda epidemiýa wagtynda 14929 sany koronawirus näsagy ýüze çykaryldy.
Ýurtda koronawirus pidalarynyň sany 2175 adam bolup, soňky günde 10 ölüm hasaba alyndy.

18-nji iýuldaky ýagdaýa görä, koronawirus ýokuşan 4725 näsag hassahanalarda bejergi alýar, olaryň 1437-siniň (30,4%) ýagdaýy agyr hasaplanýar, ýene 200 adamyň (4.2%) ýagdaýy bolsa has-da agyr. 15 müňden gowrak hassa ambulatoriýa esasynda bejergi alýar.

Lukmanlaryň arasynda 43 sany COVID-19 ýokuşmasy ýüze çykaryldy. Pandemiýa başlaly bäri ýurtda jemi 6 müň 166 saglyk işgärine kesel ýokuşdy. Şu güne çenli bularyň 5373-si keselden saplandy.

Iýun aýyndan bäri Gyrgyzystanda COVID-19 ýokuşmalarynyň sany köpelýär. 28-nji iýundan bäri her gün müňden gowrak täze ýagdaý habar berildi. Saglyk ministrligi ýurduň koronawirus epidemiýasynyň "üçünji tolkunyny" başdan geçirýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG