Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BAE-niň başlap taşlan gaz guýularynyň gurluşygyny Hytaýa ynanýar


Türkmenistan. Derweze. Ýanyp ýatan açyk gaz ýatagy
Türkmenistan. Derweze. Ýanyp ýatan açyk gaz ýatagy

Türkmenistanyň prezidenti 16-njy iýulda ýurduň nebit-gaz pudagyna degişli taslamalar boýunça iki karara gol çekdi.

Birinji kararda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Prezidentiň ikinji kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaýyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilýär.

Baglaşyljak şertnamalaryň ikisinde hem işler 30 aýyň dowamynda tamam bolmaly. Emma taslamalaryň bahasy barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Resmi habarda bellenmegine görä, hytaý kompaniýasyna beriljek gaz guýularynyň gurluşygy ozal Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy tarapyndan başlanyp, tamamlanman taşlanypdyr. Emma bu baglaşylan şertnamanyň näme sebäpden bozulandygy anyklaşdyrylmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu kararlary Owganystandaky howpsuzylyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýan wagtyna, Hytaýyň daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana sapar etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan öň türkmen lideri birden daşary ýurtlardan alnan karzlary wagtynda yzyna gaýtarmak barada alada bildirip, ýurduň nebit-gaz pudagyndaky taslamalar üçin Hytaýdan alnan köp milliard dollaryk bergileriň üzülendigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG