Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Ukraina 2 million doza koronawirus sanjymyny berdi


Illýustrasiýa suraty.

Ukraina halkara COVAX maksatnamasy arkaly ABŞ-dan 2 million doza COVID-19 sanjymyny kabul etdi. Saglyk ministri Wiktor Lýaşko 18-nji iýulda ýakyn günlerde ilata “Moderna” waksinalarynyň berlip başlanjakdygyny aýtdy.

Mugallymlar, magaryf işgärleri, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we medisina işgärleri ýaly zerur kärlerde zähmet çekýän adamlar we 50-den köp işgäri bolan kärhanalar sanjym işlerinde ileri tutulýar.

“Birleşen Ştatlary Ukraina 2 million doza “Moderna” sanjymyny berdi. Bu ädim global COVID-19 pandemiýasyny ýeňip geçmekde ABŞ-nyň ygrarlylygyny öňe alyp gidýär” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Twitterde aýtdy.

Ukriana fewralyň ahyrynda milli immunizasiýa kampaniýalaryna girişeli bäri, ýurt boýunça 4 million sanjym paýlandy. Ýurtda bary-ýogy 1 million 400 müň adam, ýa-da ilatyň 3 göterimi koronawirusa garşy doly sanjym kabul etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG