Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan bilen Ermenistan serhediň dawaly böleginde garşylykly ot açdylar


Ermenistanyň Ýersakh regiony bilen Azerbaýjanyň Naksjiwan sebitininiň arasyndaky serhet (arhiw suraty)

Azerbaýjan bilen Ermenistan güýçleri özara serhetleriniň dawaly böleginde ençeme sagatlap garşylykly ok atdylar. Iki ýurduň Daglyk-Garabag sebiti üstündäki geçen ýylky çaknyşyklaryndan bäri sebitdäki dartgynlylyklar barha ýitileşýär.

Iki ýurduň hem Goranmak ministrlikleri 19-njy iýulda giçlik Ermenistanyň Ýersakh regiony bilen Azerbaýjanyň Naksjiwan sebitindäki ok atyşyklary başlatmakda birek-biregi aýyplaýarlar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ermeni güýçleri dürli kalibrli ýaraglar bilen Sadarak etrabynyň Naksjiwan regionyndaky Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açypdyrlar. Hadysada bir azeri leýtenantynyň aýagyndan ýaralanandygy aýdylýar. Ministrligiň beýanatynda Azerbaýjan güýçleriniň jogap oduny açandyklary bellenilýär.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi ilki Azerbaýjan güýçleriniň serhediň Ýeraskh bölegindäki ermeni pozisiýalaryna garşy ot açandyklaryny aýdyp, munuň bilen baglylykda Azerbaýjanyň “ähli jogapkärçiligi” çekýändigini hem sözüne goşdy. Ermeni tarapy ýitgiler barada maglumat bermedi.

Hem Ýerewan, hem-de Baku 20-nji iýulda irden serhetdäki ýagdaýlaryň asudadygyny mälim etdiler.

Mundan bäş gün öň hem, serhediň gürrüňi gidýän böleginde çaknyşyklar bolupdy. Ok atyşyklarda bir ermeni esgeri öldi, şeýle-de Azerbaýjanyň azyndan bir harby gullukçysy ýaralandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG