Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Erdogan Kabulyň aeroportuny dolandyryp bilmek üçin, ABŞ-dan hemaýat sorady


Owgan howpsuzlyk güýçleri aeroportuň howpsuzlygyny üpjün edýärler (arhiw suraty)

Prezident Rejep Taýyp Erdogan Owganystandaky halkara güýçleri doly çykarylandan soň, Türkiýäniň Kabulyň aeroportunyň howpsuzlygyny we işini dowam etdirmegini üpjün edip bilmegi üçin, Birleşen Ştatlardan maliýe, logistika we diplomatiki hemaýaty sorady.

20-nji iýulda Demirgazyk Kipre edýän saparynyň çäginde eden çykyşynda, Erdogan eger-de Waşinton hemaýaty berse, onda Türkiýäniň – “Talybanyň” bu baradaky garşylygyna we duýduryşlaryna garamazdan – bu missiýany üstünlikli amal edip biljekdigini aýtdy.

Erdoganyň aeroportuň howpsuzlygyny we işini üpjün etmek baradaky teklibi ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçlerini 31-nji awgusta çenli ýurtdan doly çykarmak planlaryna we “Talybanyň” barha köp sebitleri öz gözegçiligine geçirmegine gabat gelýär.

Erdogan we ABŞ prezidenti Jo Baýden geçen aý NATO sammitiniň çäginde geçiren özleriniň ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygynda aeroport meselesini hem maslahat etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG