Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG başlygy töwekgelçilige garamazdan, Olimpiadanyň dowam etdirilmelidigini aýdýar


Tokio

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň başlygy pandemiýa sebäpli yza süýşürilen Tokio Olimpiýa oýunlarynyň öz işini dowam etdirmelidigini aýtdy. Ol munuň talaba laýyk planyň we saglyk tagallalarynyň üsti bilen amal edip boljak çäreleri tutuş dünýä äşgär etmek üçin zerurdygyny nygtady.

21-nji iýulda Tokido Halkara Olimpiýa Komitetine eden ýüzlenmesinde, Tedros Adhanom Ghebreýesus dünýä Olimpiýa oýunlarynyň “umydyň dabaralanmagy üçin” gerekdigini aýtdy.

“Olimpiadanyň tutuş dünýäni jebislendirmäge, ruhlandyrmaga, nämeleriň mümkindigini äşgär etmäge kuwwady bar” diýip, ol belledi.

Tokio Olimpiýa oýunlary 23-nji iýulda başlanmaly. Bu ýylky oýunlar dünýäde koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň ýaýramagy bilen bagly aladalaryň arasynda geçýär. Oýunlara gatnaşmak üçin tutuş dünýäden müňlerçe türgen we hemaýat beriji düzümler Tokio gelýär.

Olimpiadanyň guramaçylary oýunlar bilen bagly ýene-de sekiz adamda wirusyň ýüze çykarylandygyny, umumy hasapda häzire çenli wirus bilen 79 adamyň keselländigini mälim etdiler.

BMG-niň saglyk başlygy töwekgelçilikleri aradan doly aýyrmagyň mümkin däldigini belläp, Olimpiýa oýunlarynyň COVID-19 bilen kesellänleriň sany bilen seljerilmeli däldigini aýtdy.

Saglyk bilermenleri oýunlara onlarça müň adamyň çekilýändigine ünsi çekip, Olimpiadanyň wirusyň mundan beýläk hem uly hyjuw bilen ýaýramagyna sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar.

Bu ýylky Olimpiada aglaba ýagdaýda tomaşaçysyz geçiriler. Tokioda we onuň etegindäki üç prefekturada adatdan daşary ýagdaý hereket edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG