Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Hytaýda suw joşmalary sebäpli azyndan 12 adam öldi, ýüzlerçesi ewakuasiýa edildi


Suw joşmalary sebäpli Henan welaýatynyň şäherleri, şol sanda welaýatyň paýtagty Žengzou ejir çekdi.
Suw joşmalary sebäpli Henan welaýatynyň şäherleri, şol sanda welaýatyň paýtagty Žengzou ejir çekdi.

Hytaýyň merkezi sebitlerinde ozal görlüp-eşdilmedik derejede ýagan ýagynlar sebäpli dörän suw joşmasy sebäpli azyndan 12 adam öldi, başga-da 100 müňe golaýy öýlerinden ewakuasiýa edildi. Bu barada döwlet mediasy 21-nji iýulda maglumat berdi.

Suw joşmalary sebäpli Henan welaýatynyň şäherleri, şol sanda welaýatyň paýtagty Žengzou ejir çekdi. Sebitdäki uly gerimdäki weýrançylyklar barada maglumatlar gowuşýar.

Soňky birnäçe günüň dowamynda 10 million ilatly şähere güýçli ýagyşlaryň ýagmagy sebäpli, 20-nji iýulda duýdansyz ýagdaýda suw joşmalary emele geldi. Munuň netijesinde, şäheriň köçeleri derýalara öwrüldi, metro stansiýalaryny hem suw basdy.

Sosial medialarda paýlaşylan wideolarda suwuň akymynyň ulaglary äkidýän pursatlaryny synlasa bolýar.

Galagoply wideolaryň birinde metro stansiýasynyň içindäki ýolagçylaryň boýnuna çenli suwuň aşagynda gabalyp durandygyny hem görse bolýar. Käbir wideolarda suwuň akymy bilen barýan adamlaryň jansyz jesetleri hem görkezilýär.

Ýerli habar serişdeleri howa bilermenlerine salgylanyp, güýçli ýagynlaryň 21-nji iýula çenli dowam etjekdigini habar berýärler.

“Bular ýaly ýagynlar 100 ýylda bir gezek bolýar. Ýagdaýlar gaty elhenç” diýip, Žengzounyň suw joşmalaryna gözegçilik gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG