Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Belarus oppozisiýa lideri bilen gepleşiklerde ‘demokratiýa we adam hukuklary ugrundaky tagallalary’ goldady


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa (çepde) 28-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Ak tamda duşuşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden öz-özüni sürgün eden belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa bilen Waşingtonda duşuşdy. Baýden gepleşiklerden soň ABŞ-nyň “belarus halkynyň demokratiýa we ähliumumy adam hukuklary ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny” yglan etdi.

Tihanowskaýa bilen geçirilen duşuşykdan soňra, Twitterde beren beýanatynda Baýden 28-nji iýulda ony Waşingtonda myhman almagyň özi üçin “hormatdygyny” aýtdy.

“Baýden öz erkinlikleri ugrunda parahatçylykly göreş alyp barýan millionlarça gorkusyz belaruslylara güýçli raýdaşlyk görkezdi” diýip, Tihanowskaýa Twitterde aýtdy.

“Bu günki gün Belarus demokratiýa bilen awtokratiýanyň arasyndaky söweşiň içinde. Dünýä biziň bilen. Belarus üstünligiň nusgasy bolar” diýip, ol aýtdy.

Tihanowskaýa “Häzirki zaman” telekanalyna beren interwýusynda Baýden bilen geçirilen gepleşikleriň gysga bolandygyny ýöne “örän mähirli” geçendigini aýtdy.

“Men biperwaý galmaýan adamy gördüm” diýip, belarus oppozisiýa lideri aýtdy.

“Ol Belarusda bolup geçýän wakalara biperwaý däl. Men prezidente Belarusdaky söweşiň geopolitiki söweş däldigi barada, biziň bu söweşi zorluga we bikanunçylyga garşy alyp barýandygymyz hakynda, biziň gymmatlyklarymyzyň birmeňzeşdigi barada habar getirdim” diýip, ol aýtdy.

Tihanowskaýa Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka garşy alyp barýan demokratiýa tarapdar hereketine goldaw tapmak tagallalarynyň çäginde 18-nji iýuldan bäri Birleşen Ştatlarda saparda bolýar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG