Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1991-nji ýylda Moskwada agdarylyşyk synanyşygyny gurnan toparyň iň soňky agzasy aradan çykdy


SSSR-iň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet komitetiniň agzasy (GKÇP) Boris Pugo (çepde), SSSR-iň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gennadiý Ýanaýew (ortada), Goranmak geňeşiniň başlygynyň birinji orunbasary Oleg Baklanow metbugat ýygnagyny geçirýär. Arhiw.

1991-nji ýylda çöküp barýan Sowet Soýuzynda döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşan “sekizler bandasynyň” diri galan iň soňky agzasy 89 ýaşda aradan çykdy.

Russiýanyň “Roskosmos” agentliginiň başlygy Dmitriý Rogozin 29-njy ýylda Sowet Soýuzynyň maşyngurluşyk ministri Oleg Baklanowyň aradan çykandygyny Twitterde habar berdi. Ölümiň sebäbi we wagty agzalmaýar.

Baklanow 1991-nji ýylyň awgustynda sowet lideri Mihail Gorbaçýowy öý tussaglygy astyna alan Sekizlik toparyň agzasydy. Topar özüni wagtlaýyn hökümet, ýa-da GKÇP – Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet komiteti atlandyrdy. Bu toparda başga-da üç ýokary derejeli sowet harby we syýasy resmi bardy.

Baklanow şol wagt prezidentiň Goranmak geňeşiniň başlygynyň orunbasarydy. Başa barmadyk agdarylyşygyň yz ýany, “sekizler bandasynyň” bir agzasy, Sowet Soýuzynyň içer işler ministri Boris Pugo öz janyna kast etdi.

1994-nji ýylyň 23-nji fewralynda parlamentiň aşaky öýi, Döwlet dumasy agdarylyşyga gatnaşan jemi 10 adama günä geçiş yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG