Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly ýüwrük Timanowskaýa Tokiodaky Olimpiýadadan Ýewropa ugrady


Belarusly ýüwrük Kristina Timanowskaýa
Belarusly ýüwrük Kristina Timanowskaýa

Belarusly ýüwrük Kristina Timanowskaýa Tokio Olimpiýa oýunlaryndan Wena uçdy. Mundan iki gün öň, ol Belarusa dolanan halatynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň hökümetiniň ondan ar almagyndan howatyr edip, watanyna dolanmakdan ýüz öwüripdi.

Polşanyň Timanowskaýa gumanitar wiza bermeginden soňra, onuň Warşawa uçmagyna garaşylýardy. Şol bir wagtda, onuň aşmaly soňky ýurdunyň Awstriýadygy häzirlikçe doly aýdyň däl.

Uçarlaryň hereketini yzarlaýan flighaware.com websaýtynyň maglumatyna görä, Timanowskaýa Tokionyň Narita Halkara aeroportynda Awstirýanyň howagullugynyň uçaryna ýerli wagt bilen sagat 11:05-de (Aşgabat wagty bilen ir sagat 07:05-de) münüpdir. Onuň Wena 4-nji awgustda ýerli wagt bilen 16:05-de (Aşgabat wagty bilen 20:05) barmagyna garaşylýar.

Timanowskaýa 2-nji awgustda haçanda belarus topary ony Minske uçmaly uçara zor bilen mündürjek bolanynda, ol Polşanyň ilçihanasynda başpena tapdy.

Mundan öň, Timanowskaýa AP gullugyna beren interwýusynda toparyň agzalarynyň onuň ýolbaşçylary tankytlany üçin, ýurdunda “belli bir jeza duçar boljakdygyny açyk görnüşde” beýan edipdirler.

AP gullugyna görä, Olimpiýadadaky Belarus delegasiýasynyň başlygy Dzmitriý Dauhalionak kommentariýa bermekden ýüz öwüripdir.

Mundan ozal, Belarusyň Olimpiýa boýunça milli kommiteti döwletiň eýeçiligindäki tele-kanalda çykyş edip, ýagdaýlara gözegçilik edýändigini we Halkara Olimpiýa Komiteti bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy. Halkara Olimpiýa Komiteti Timanowskaýanyň aýyplamalary boýunça derňew işini açdy.

XS
SM
MD
LG