Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan harbylary gabawdaky günorta şäheriň ilatyny sebiti terk etmäge çagyrdylar


Owgan esgerleri
Owgan esgerleri

Owganystanda hökümet güýçleriniň ýurduň günortasyndaky Laşkar Gah şäherini “Talyban” jeňçilerinden yzyna almak maksady bilen kontr-hüjüme geçmäge taýýarlyk görýän pursady, sebitdäki parahat ilat öýlerini terk etdi. Bu aralykda, gür ilatly sebitlerde parahat ilatyň arasyndan ýitgileriň artmagy boýunça halkara aladalar artýar.

Owganystanyň günbatar we günorta sebitlerinde söweşleriň barha ýygjamlaşýan döwri, paýtagt Kabulda gorag we howpsuzlyk merkezlerine birnäçe hüjüm amala aşyrylyp, azyndan sekiz adam öldürildi.

Maglumata görä, Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahyň esli bölegi “Talybanyň” gol astyna geçipdir. Jeňçiler şäherdäki hökümet edaralarynyň eslisini basyp alypdyrlar, şeýle-de hökümetiň tarapynda çykyş edýän media serişdeleriniň işini togtadypdyrlar.

Harbylar raýatlara ýüzlenip, şäheri terk etmäge çagyrdylar. Emma Laşkar Gahdan gaýdýan ýollaryň nä derejede howpsuzdygy hem häzirlikçe doly belli däl.

4-nji awgustda irden Kabulda Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça milli direktoratynyň binasynyň golaýynda partladylan bombanayň netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adam we bir howpsuzlyk resmisi ýaralandy.

Mundan birnäçe sagat öň, 3-nji awgustda Kabulyň diplomatiki sebitinde içi partladyjyly ulag ýaryldy. Hüjümde ençeme adam, şol sanda janyndan geçen söweşijiniň özi hem heläk boldy.

Şeýle-de, Owganystanyň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän resmä garşy ýaraglardan ot açylmagy sebäpli, azyndan sekiz adam, şol sanda bir aýal maşgala öldi, başga-da 20-ä golaý adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG