Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow goranmak ministrine nägilelik bildirdi, orunbasaryna käýinç berdi


Goranmak ministri Begenç Gündogdyýew

Türkmenistanyň prezidenti 3-nji awgustda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, goranmak ministriniň orunbasaryna berk käýinç yglan etdi, ýol beren kemçiliklerini gysga wagtda düzetmegi üçin oňa soňky duýduryşyny berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň guramaçylygyndan hem nägiledigini aýtdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ýedi aýyndaky işlerine seredilen mejlis Bekrewe ýolunda bolan ýol-ulag hadysasynyň we täze satyn alnan harby-söweş uçarynyň döwlet baştutany tarapyndan elin synag edilmeginiň yz ýanyndan geçirildi.

Goranmak ministriniň gysga wagtda düzetmeli kemçilikleriniň arasynda onuň diňe "guramaçylyk derejesi" ýatladylan bolsa, Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Şirmät Babanazarowa "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy" aýdylýar.

Prezidentiň ‘berk käýinji’ goňşy Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has çylşyrymlaşan wagtyna hem gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG