Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (arhiw suraty)

3-nji awgustda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Aşgabatda geçiriljek türkmen-täjik duşuşygy “köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açar”.

Täjik prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gowşaýan wagtlaryna gabat gelýär. Hususan-da, 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň öz çäginden üstaşyr geçmegine rugsat bermeýär. Bu ugurda täjik häkimiýetleriniň üç ýyl bäri alyp barýan tagallalary netije bermeýär.

Galyberse-de, bu sapar iki ýurduň günorta goňşusy Owganystanda "Talyban" jeňçileri bilen owgan hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşleriň güýçlenip, ýurtda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtlaryna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG