Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň prezidenti häkimler üçin döwlet puluna awtoulag almakdan ýüz öwürdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow ozal etrap häkimlerine awtoulag satyn almak üçin yglan edilen 60 million somluk (takmynan 707 million dollar) tenderi ýatyrmagy buýurdy diýip, Azatlygyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Metbugat sekretary Erbol Soltanbaýewiň aýtmagyna görä, "bu karar ýurtdaky kyn ykdysady ýagdaýy we ileri tutulmaýan býujet çykdajylaryny azaltmak zerurlygyny, şeýle-de bu mesele bilen bagly jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak” netijesinde kabul edildi.

Bu tender prezidentiň we hökümetiň iş dolandyryş edarasynyň awtoulag birleşigi tarapyndan yglan edilipdi we satyn alnan awtoulaglaryň 2021-nji ýylda öndürilen ýokary hilli, ak reňkli we ulanylmadyk bolmalydygy aýdylypdy.

Soňra prezidentiň diwany bu tendere düşündiriş berip, ol awtoulaglaryň etrap häkimleri üçin satyn alynjakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG