Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak şäherlerinde morg nobatlary döredi. Azatlygyň habarçysy ýerde goýlan jesetleri surata düşürdi


Şimkent morgy, 13-nji awgust, 2021.

Koronawirus ýokuşmalarynyň möwjemegi we Gazagystanda COVID-19-dan ölenleriň köpelmegi netijesinde şäher meýithanalarynyň birnäçesiniň öňünde nobat döredi: merhumlaryň garyndaşlary jesetleriň özlerine berilmegine garaşýarlar.

Azatlyk radiosynyň Şimkentdäki habarçysy 13-nji awgustda öýlän şäher morgynyň golaýynda onlarça däp-dessur maşynyny gördi. Ol morgyň howlusynda ýerde hatarlanyp goýlan birnäçe jesedi surata düşürdi.

Meýithana işgärleri ýarym sagat içinde, habarçynyň gözüniň alnynda bäş jesedi garyndaşlaryna gowşurdy.

Şäheriň saglygy goraýyş bölüminiň başlygy Bakythan Pozilow morga her gün 25 töweregi jesediň gelýändigini, pandemiýadan öň bir günde 15 töweregi jesediň getirilendigini aýtdy.

Ölenleriň aglaba bölegi koronawirus ýokuşmalarynyň pidalary. Bölüm müdiri morgyň işgärleriniň üstüne düşýän ýüküň köpelendigini, olaryň işlerine ýetişmeýändigini we şu sebäpden goşmaça işgär alnandygyny aýtdy.

Morg işgärleri koronawirusdan ölenleriň jesetlerini jaýlamaga taýýarlaýarlar we açmak gadagan edilen ýörite paketlere salyp, garyndaşlaryna tabşyrýarlar.

Jynaza hyzmat kompaniýalary iş ýüküniň barha köpelýändigini habar berýärler.

Sosial media ulanyjylary Almatydaky morgda hem nobatlaryň dörändigini habar berýärler. Ýurduň iň uly şäheri soňky günlerde täze wirus ýokuşmalary boýunça öňdeligi eýeleýär, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda bir ýarym müňe golaý adama wirus ýokuşýar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, awgust aýynyň başyndan bäri ýurtda günde azyndan 100 adam koronawirusdan ölýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG