Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny Nemtsow gaznasynyň beren 10 müň ýewrosyny syýasy tussaglaryň maşgalalaryna geçirdi


 Arhangelsk. Andreý Borowikov (çepde) Alekseý Nawalny bilen. Arhiw suraty
Arhangelsk. Andreý Borowikov (çepde) Alekseý Nawalny bilen. Arhiw suraty

Alekseý Nawalny özüne fewral aýynda berlen Boris Nemtsow baýragyny, 10 müň ýewro möçberindäki serişdäni sud edilen dört aktiwistiň maşgalasyna bagyşlady. Bu barada syýasatçynyň instagram sahypasynda habar berildi.

Nawalnynyň sözlerine görä, ol Nemtsowyň gyzy Žannadan "ýagdaýy özüniňkiden has erbet adamlaryň” maşgalalarynyň hersine iki ýarym müň ýewro bermegini haýyş edipdir.

Bu pul Korrupsiýa garşy göreş gaznasynyň operatory, iki sany twiti üçin ekstremizme çagyrmakda aýyplanan we iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Pawel Zelenskiniň garyndaşlaryna berler.

Nawalnynyň Arhangelsk ştabynyň öňki utgaşdyryjysy Andreý Borowikowyň maşgalasy hem iki ýarym müň ýewro alar. Borowikow Rammşteýn toparynyň “Pussy” klipini “VKontakte” sosial ulgamynda paýlaşany üçin pornografiýa ýaýratmak işi esasynda iki ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Galan serişdeler Ýana Sidorowanyň we Wladislaw Mordasowyň maşgalalaryna geçiriler. Olary Russiýada gadagan edilen “Artpodgotowka” hereketiniň tarapdarlary bolmakda aýyplap, bidüzgünçilikleri guramakda, olara gatnaşmakda günäli tapdylar we 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda ýedi ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etdiler.

Boris Nemtsow gaznasy fewral aýynda Alekseý Nawalnyny "Russiýada demokratik gymmatlyklary goramakda görkezen batyrgaýlygy üçin" sylaglaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG