Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow Çeçenistanda hiç wagt garaşsyzlygyň bolmandygyny aýtdy


Ramzan Kadyrow
Ramzan Kadyrow

Çeçen milli gahrymanlary, hususan-da şeýh Mansur, Baýsangur Benoýewskiý, Taýmin Bibolat, Adin Surho Çeçenistany häzirki görnüşinde gurmaga çalyşdy diýip, respublikanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow aýtdy.

Ol özüniň taryh baradaky pikir-düşünjesini hökümetiň soňky giňişleýin mejlisinde paýlaşdy diýip, AÝ/AR-nyň Demirgazyk Kawkaz gullugy habar berýär.

Kadyrow respublikanyň çeçenlere degişlidigini we başga hiç kime degişli däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Çeçenistanyň halky şeýh Mansur döwründen bäri yslam dininiň düzgünlerini berjaý etmek we çeçen kanunyny goramak mümkinçiligi üçin göreşdi.

"Eger-de biz öz milli gahrymanlarymyzyň näme edendigine we näme gazanandygyna syn etsek, onda olaryň biziň şu günki eýe bolan azatlygymyz üçin göreşendigi düşnükli” diýip, rus sebitiniň baştutany aýtdy.

Şeýle-de, Kadyrowyň sözlerine görä, çeçenleriň hiç haçan garaşsyzlygy we öz döwleti bolmandy.

Hökümet mejlisi baradaky wideo 1-nji sentýabrda “Grozny” döwlet telewideniýe we radio ýaýlymlary kompaniýasynyň efirinde görkezildi.

Kadyrow şu günki günde Gudraty güýçliniň çeçenlere ýeňiş berendigini we ony goramak üçin "diňe Ahmat Kadyrowyň ýolundan gitmelidigini, başga hiç bir pikir etmeli däldigini” aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin awgust aýynda Grozny halkara howa menziline Ahmat Kadyrowyň adyny dakdy. Bu karara Çeçenistanyň ilkinji prezidentiniň doglan gününiň 70 ýyllygyna gabat gol çekildi.

XS
SM
MD
LG