Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda COVID-19-dan ölýänleriň sany rekord derejelere çykýar


Diňe awgust aýynda 1662 adam koronawirusdan öldi, bu pandemiýa döwründe ýurtda iň ýokary aýlyk ölüm derejesi hasaplanýar.

Gürjüstan indi birnäçe hepde bäri koronawirusyň dördünji tolkunyna garşy göreşýär.

Lukmanlaryň boýun almagyna görä, bu iň kyn göreş boldy. Her gün ýurtda üç-dört müň adama wirus ýokuşýar, ýöne bu görkezijiniň 5-6 müňden geçýän günleri hem bolýar.

Pandemiýa başlaly bäri ilkinji gezek meýdan hassahanalary guruldy, sebäbi hassahanalar iş ýüküne hötde gelmeýär.

Diňe awgust aýynda 1662 adam koronawirusdan öldi, bu pandemiýa döwründe ýurtda iň ýokary aýlyk ölüm derejesi hasaplanýar. Şeýle-de, ýurt koronawirusdan ölenleriň sany boýunça gündelik ýokary derejelere çykdy, häzir bu görkeziji 86 adam boldy.

Lukmanlar epidemiologiki tolkunyň iň ýokary derejesiniň entek geçmändigini aýdýarlar we ilatdan sanjym etdirmeklerini haýyş edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG