Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken hyzmatdaşlar bilen Owganystany maslahat eder, “Talyban” öz hökümetini yglan etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň Katardaky howa bazasyna sapar edýär. 7-nji sentýabr, Doha, Katar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň Katardaky howa bazasyna sapar edýär. 7-nji sentýabr, Doha, Katar.

8-nji sentýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken geçen aý “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmegi bilen ýurtdan gaçan onlarça müň owganyň ewakuasiýa edilmegine gatnaşan ýurtlar bilen Germaniýada gepleşik geçirer. Jeňçi topar esasan özüniň 1990-njy ýyllardaky fundamentalist dolandyryşynyň baýry agzalaryndan hem-de amerikan güýçlerine we onuň ýaranlaryna garşy ýigrimi ýyl dowam eden urşa gatnaşyjylardan ybarat täze hökümetini yglan etdi.

Blinken ABŞ ýolbaşçylygyndaky köpçülikleýin ewakuasiýa işlerinde iň iri üstaşyr geçelge bolan Katardan uçup, ikinji iri üstaşyr geçelgä, Germaniýanyň Ramstein şäherinde ýerleşýän ABŞ howa bazasyna bardy.

Bu aralykda, Pakistan “sebit durnuklylygyny hem-de abadançylygyny” üpjün etmek üçin we Owganystandaky umumy ýagdaýlary maslahat etmek üçin Owganystanyň goňşulary bolan Hytaý, Eýran, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan daşary işler ministrleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirjegini aýtdy.

“Talybanyň” diňe erkeklerden ybarat täze hökümetine Molla Mohammad Hassan Ahund ýolbaşçylyk edýär. BMG-niň gara sanawyndaky Ahundyň hökümete ýolbaşçylyk etmegi Birleşen Ştatlarda we beýleki ýurtlarda alada döretdi. Wagtlaýyn hökümetiň beýleki bir agzasy, Sirajuddin Hakkani Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy (FBI) tarapyndan gözlenilýär.

“Talyban” hökümetiniň yglan edilmeginiň öň ýany, toparyň 1996-2001-nji ýyllar aralygyndaky rehimsiz häkimiýetiniň gaýtalanmagyndan alada galýan ýüzlerçe adam “Talybany” ýazgarmak üçin we aýallaryň hukuklarynyň goralmagyny talap etmek üçin Kabulyň köçelerinde demonstrasiýa geçirdi. Topar söweşijileri ýygnanlary dargatmak üçin asmana duýduryş oklaryny atdy.

Üç hepde töweregi mundan ozal, Kabuldaky Günbatar goldawly hökümetiň çökmeginiň yz ýany, toparyň söweşijileri gysga wagtyň içinde Owganystanda tas doly diýen ýaly gözegçiligi ele geçirdi. Munuň yz ýany, aşa yslamçy topar özleriniň ähli taraplary öz içine alýan hökümet gurmak isleýändiklerini aýtdy.

Owganystanyň täze dolandyryjylary uruşdan ejir çeken ýurtda ykdysadyýeti durnuklylaşdyrmak, gumanitar krizisiň öňüni almak, halkara ykrarnama gazanmak ýaly agyr päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG