Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýa partiýasynyň tussaglykdaky liderine goşmaça günä bildirilýär


Gyrgyzystanyň "Turan" oppozisiýa partiýasynyň tussaglykdaky lideri Jenish Moldokmatow

Gyrgyzystan häkimiýetleri “Turan” oppozisiýa partiýasynyň tussaglykdaky lideri Jeňiş Moldokmatowa goşmaça günä bildirýär. Ol bu aýyplamalary ret edýär.

Prezident Sadyr Japarowyň açyk tankytçysy Moldokmatowa oktýabr parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilen hökümete garşy ýörişlerde binalary ele geçirmek aýyplamasy boýunça günä bildirildi we maý aýynda tussag edildi.

Onuň adwokaty Kantemir Turdaliýew 7-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz müşderisine garşy häkimiýeti zor bilen ele geçirmek synanyşygy, köpçülikleýin bizdüzgünçilikleriň guramaçylygyna gatnaşmak, kanun goraýjy işgärlere haýbat atmak ýa-da olara hüjüm etmek, ýarag ogurlamak aýyplamalary boýunça goşmaça günä bildirilendigini gürrüň berdi.

Turdaliýew Moldakmatowyň täze aýyplamalary boýun alýan kagyza gol çekmändigini we derňewçiler bilen hyzmatdaşlygy ret edendigini aýtdy.

Moldokmatow özüne ozal bildirilen aýyplamalary hem syýasy matlaply atlandyryp, ret etdi.

Ol oktýabr saýlawlarynda parlament orny üçin dalaş etdi we, başga-da müňlerçe gyrgyz bilen bir hatarda, resmi saýlaw netijeleriniň aýan edilmeginiň yz ýany ýüze çykan köçe protestlerine gatnaşdy.

Ýörişler hökümetiň we şol wagtky prezident Sooronbai Jeenbekowyň işden çekilmegine getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG