Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lukaşenka Putin bilen “döwlet bileleşigi” barada gepleşmek üçin Moskwa barýar


Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka 9-njy sentýabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen şu ýyldaky bäşinji ýüzbe-ýüz duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa barýar. Bu sapar iki lideriň Belarusyň özygtyýarlylygyny düýpli kemeltjek ylalaşyga gol çekmek ähtimallygy baradaky çaklamalaryň güýçlenen wagtynda edilýär.

Belarusyň Russiýadaky ilçisi ýaňy-ýakynda Minsk bilen Moskwanyň ýigrimi ýyl bäri gepleşýän bileleşik şertnamasynyň ýol kartasy diýilýäniň ähli baplarynyň tasdan doly taýýar edilendigini we Lukaşenka-Putin duşuşygynyň öňüsyrasynda tamamlanyp biljekdigini aýtdy.

Bu taslama iki ýurdy gaýtadan birleşdirmek üçin edilen möhüm ädim bolar, emma onuň Belarusyň özygtyýarlylygyny pese gaçyrmak ähtimallygy bar. Lukaşenka bu ähtimallyga ençeme ýyl bäri berk garşy durýar. Emma Belarusyň dolandyryjysy geçen ýylky prezident saýlawlaryndan bäri, altynjy möhlete saýlanandygyny aýdyp, barha we barha beter üzňelige düşýär.

Belarusyň oppozisiýasy bu ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýtdy we ony ýazgaryp, ençeme aýlap dowam eden köçe protestleriniň öňüni çekdi. Emma halk protestleri Belarusyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyryldy.

Netijede, Günbatar ýurtlary Lukaşenkany kanuny prezident hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdiler; oppozisiýa, garaşsyz habar beriş serişdelerine, adam hukuklaryny goraýjy toparlara we raýat jemgyýetine garşy alnyp barylýan basyşlar sebäpli Minsk hökümetine garşy bir topar sanksiýa girizildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG