Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ep-esli agramyny ýitiren Kim Çen Un Demirgazyk Koreýanyň harby paradyna gatnaşdy


Harby parad
Harby parad

Demirgazyk Koreýa respublikanyň döredilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli gijeki parad geçirildi diýip, döwlet habar gullugy (KCNA) habar berýär.

Lider Kim Çen Un 9-njy sentýabrda paýtagt Phenýanyň Kim Il Sung meýdançasynda geçirilen çärä gatnaşdy.

Demirgazyk Koreýa mundan öňki harby paradlaryny täze ýaraglaryny we raketa ulgamlaryny görkezmek üçin peýdalanypdy.

Emma bu gezekki çäräniň çap edilen suratlarynda goşun paradyna goşulan täze harby ulgamlar görünmedi.

Demirgazyk Koreýany öwrenýän synçylar Kimiň ep-esli horlanandygyny we has sagdyn görünýändigini bellediler.

37 ýaşly semiz lideriň öz dolandyrýan döwleti ýaly syrly görünýän saglygy barada ençeme ýyl bäri her hili gürrüň edilýärdi.

Iýun aýynda döwlet metbugaty birnäçe hepdeläp köpçülige görünmedik Kimiň ep-esli agramyny ýitirendigini görkezýän wideolary çap etdi.

XS
SM
MD
LG