Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” protestleri gadagan edýär, sportçy aýallar hökümetiň ugrundan howatyrlanýar


Owgan žurnalistleri Neamat Nakdi (çepde) we Taki Darýabi "Talyban" türmesinden çykanlaryndan soň, öz ýaralaryny görkezýär. 8-nji sentýabr, 2021. AFP

Söweşijiler "häzirlikçe" demonstrasiýalary gadagan edip, aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmagynyň gadagan edilip bilinjekdigini görkezensoň, talyp weteranlarynyň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň täze hökümetiniň barýan ugry baradaky aladalar artýar.

"Talyban" 7-nji sentýabrda, häkimiýeti yzyna alandan üç hepde soň, "Owganystanyň Yslam Emirliginiň" ählisi erkek we aglabasy weteran söweşiji bolan hökümetini yglan edip, “Talybanyň” ikinji dolandyryşy ýigrimi ýyl öňküsinden azrak çäklendiriji bolar diýip edilen owgan we halkara umytlaryna düýpli zarba urdy.

"Talybanyň" guran hökümeti ilkinji iş gününde gurnalan protestleriň “jemgyýetçilik tertibini bozandygyny we azar bermelere sebäp bolandygyny” aýdyp, “häzirlikçe hiç bir ýagdaýdaky” ptoteste ýol bermejekdigini mälim etdi.

Şu aralykda, 9-njy sentýabrda "Talybanyň" medeni komissiýasynyň başlygynyň orunbasary aýal-gyzlaryň Owganystanda meşhur sport bolan kriketi oýnamagyna rugsat beriljegini "pikir etmeýändigini" aýtdy, sebäbi ol “aýallaryň kriket oýnamagyny zerur” hasaplamaýar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG