Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa sebitinde gaz partlamasyndan ölenleriň sany ýedi adama ýetdi


Partlamanyň netijesi.

Moskwa sebitindäki köp gatly jaýda bolan gaz partlamasynda ölenleriň sany ýedi adama ýetdi.

Moskwanyň golaýyndaky Noginsk şäheriniň gyssagly kömek işgärleri halas ediş toparlarynyň 9-njy sentýabrda ýene iki jesedi tapandygyny aýtdy.

8-nji sentýabrda, dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň üç gatyny ýumran partlamadan soň resmiler bu ýerde iki adamyň ölendigini, azyndan bäş adamyň dereksiz ýitendigini aýtdylar.

Günüň ikinji ýarymynda halas ediş toparlary harabalaryň aşagyndan ýene üç jesedi tapdylar. Resmiler 17 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri mümkin bolan pidalary gözlemegi dowam etdirýärler.

Noginsk şäheriniň häkimiýetleri ölenleri hormatlamak üçin üç günlük matam yglan etdi.

Gaz partlamalary Russiýada könelen geçirijiler we infrastruktura, şeýle hem howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi zerarly, wagtal-wagtal bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG