Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek prezidenti oktýabrda geçiriljek saýlawda ikinji möhlet üçin dalaşgärlige hödürlenýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew partiva gurultaýynda söz sözleýär. 9-njy sentýär, 2021.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň hökümete tarapdar liberal demokratik partiýasy tarapyndan indiki aýda geçiriljek saýlawda ikinji möhlete dalaşgärlige hödürlenýär.

Mirziýoýew partiýanyň 9-njy sentýabrda Daşkentde geçiren gurultaýynda dalaşgärligi kabul edip, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly döwletinde has köp reforma geçirmegi wada berdi.

Aktiwistler onuň 35 million ilatly ýurda ýolbaşçylyk eden ilkinji möhletinde wada beren özgerişliklerini amala aşyrmandygyny, başga pikirlileri basyp ýatyrmagyň dowam etdirilýändigini aýdyp, prezidenti berk tankyt edýärler.

24-nji oktýabrda geçiriljek saýlawda bäşleşjek dört dalaşgärinden, köpleriň ýasama kandidat hasaplaýan adamlaryndan ap-aňsat üstün çykmagyna garaşylýan Mirziýoýew ikinji bäş ýyllyk möhlet üçin ýeňiş gazansa, her öýde ýokary tizlikli internetiň bolmagy, jan başyna düşýän girdejini 1700 dollardan 4000 dollara çenli köpeltmek, žurnalistleriň şahsy goragyny üpjün etmek ugrunda köp işlejegini aýtdy.

Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasy öňki prezident Yslam Karimow tarapyndan hem birnäçe gezek gaýtadan saýlanmagy üçin ulanyldy. Ol ýurda Sowet Soýuzy darganyndan tä 2016-njy ýylda ýogalýança ýolbaşçylyk etdi.

Mirziýoýew häkimiýet başyna geleli bäri syýasy tussaglary boşatmak we ýurdy goňşularyna we beýleki ýurtlara açyp, özüni reformaçy edip görkezmäge synanyşdy. Emm tankytçylar onuň köp ugurda şowsuzlyga uçrandygyny aýdýarlar.

Mysal üçin, Mirziýoýew Özbegistanda oppozisiýadaky syýasy toparlaryň bolmagyna garşy däldigini aýtdy, ýöne heniz garaşsyz dalaşgärleriň prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alynmagy mümkin bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG